Türkmenistanyň bank kartlarynyň üsti bilen öz şahsy “Töleg kody” esasynda hasaplaşyk geçirmäge mümkinçiligiňiziň bardygyny “Türkmentelekom” DEAK-sy Siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Hormatly müşderiler!

Türkmenistanyň bank kartlarynyň üsti bilen öz şahsy “Töleg kody” esasynda hasaplaşyk geçirmäge mümkinçiligiňiziň bardygyny “Türkmentelekom” DEAK-sy Siziň dykgatyňyza ýetirýär. Öz şahsy “Töleg kody”-ny her bir müşderi öz şahsy iş otagynda billing ulgamynda görüp bilerler (http://billing.telecom.tm/client2/index.php?r=site/login). Müşderiler “Töleg kody” esasynda öz internet-hyzmatlaryny bankomatlar, internet-banking we “Halkbank” mobil enjam goşundysynyň üsti bilen hasaplaşyk geçirip bilerler. Bankomatlar diňe san bilen işleýänligi, ýagny harp üsti bilen işlemäge mümkinçiliginiň ýoklugy sebäpli, tölegi geçirmek üçin “Türkmentelekom” DEAK-sy tarapyndan billing bölüminde her bir müşderä 7 (ýedi) belgiden ybarat bolan kod berilýär.